Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dawutoglu Gazagystana sapar edýär


Türkiýäniň premýer-ministri Ahmed Dawutoglu
Türkiýäniň premýer-ministri Ahmed Dawutoglu

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmed Dawutoglu 5-nji fewralda Gazagystana iki günlük sapara başlady. Bu sapar Türkiýäniň we Orsýetiň arasynda gapma-garşylygyň dowam edýän wagtyna gabat geldi.

Ýurduň arasyndaky diplomatik uruş olaryň ikisi bilen hem ýakyn gatnaşykdaky Gazagystany oňaýsyz ýagdaýa goýdy.

Gazagystanyň prezidentiniň metbugat-gullugy Dawutoglunyň we Gazagystanyň döwlet baştutany Nursultan Nazarbaýewiň arasynda 6-njy fewralda geçiriljek gepleşiklerde ikitaraplaýyn söwda, energiýa meseleleriniň we “käbir möhüm halkara meseleleriniň” ara alyp maslahat ediljekdigini aýtdy.

Gazagystan Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň agzasy.

Ankaranyň we Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň sowuk uruşy döwründen bäri iň pes derejä düşeli bäri Türkiýäniň premýer-ministri Gazagystana ilkinji gezek sapar edýär.

XS
SM
MD
LG