Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda kadr çalşygy geçirildi


 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni bolan hökümet maslahatynda nobatdaky kadr çalşygyny geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, söwda pudagyna gözegçilik eden we şol bir wagtda Prezident aparatynyň iş dolandyryjysy bolup işlän Pälwan Taganow, işinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, eýelän wezipelerinden boşadyldy.

Şeýle-de prezident Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy Batyr Atdaýewi wezipesinde boşadyp, ony Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar, Döwlet haryt-çig mal biržasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşigi ugruna gözegçilik edýän wise-premýeriň wezipesine belledi. Atdaýew Ahal welaýatyna hem gözegçilik eder diýip, TDH habar berýär.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewi prezident diwanynyň we Ministrler kabinetiniň iş dolandyryjysy wezipesine belledi. Ol Ahal welaýatyna gözegçilik etmekden boşadyldy diýip, türkmen mediasy habar berýär.

XS
SM
MD
LG