Sepleriň elýeterliligi

Goranmak ministri 'kemsitme' üçin işden aýryldy


Bratislaw Gasiç

Bratislaw Gasiç

Serbiýanyň parlamenti goranmak ministri Bratislaw Gasiçi, dekabrda bir zenan žurnalist barada aýdan sözleri üçin, işden aýyrmagy sese goýdy.

Kanun çykaryjylar 5-nji fewralda, premýer-ministr Aleksandr Wusiç «salyhatlylyk, ahlaklylyk we hormat» üçin goldaw soranyndan soň, bu çäräni sese goýdular.

Gasiçiň wideokameralara päsgel bermezlik üçin aşak oturan bir aýala «Men ap-aňsat dyza çökýän zenan žurnalistleri gowy görýärin» diýen sözleri kamera ýazgysyna düşüpdir.

XS
SM
MD
LG