Sepleriň elýeterliligi

Orsýet, Eýran wiza ýeňilligini girizdi


Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi rus prezidenti Wladimir Putin bilen görüşýär. Tähran, 23-nji noýabr, 2015.

Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi rus prezidenti Wladimir Putin bilen görüşýär. Tähran, 23-nji noýabr, 2015.

6-njy fewralda Eýran bilen Orsýetiň arasynda syýahat wizalaryny bermegiň ýeňilleşdirilmegi baradaky şertnama güýjüne girdi.

Bu şertnama noýabrda prezidentler Hassan Rohani bilen Wladimir Putin gol çekipdi we onuň jemleri 4-nji fewralda, ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýiniň baş geňeşçisi Moskwa sapar edende jemlendi.

Bu şertnama rus we pars biznsemenleriniň, ylmy, medeni, magaryf konferensiýalaryna gatnaşýanlaryň, mugallymlaryň, studentleriň we beýleki syýahatçylaryň wiza almagyny aňsatlaşdyrýar diýip, Orsýetiň Daşar işler ministrligi aýdýar.

XS
SM
MD
LG