Sepleriň elýeterliligi

logo-print

20 müň siriýal türk serhedine gaçdy


Siriýa, serhede golaý Ktma şäherindäki bosgun lageri.

Siriýa, serhede golaý Ktma şäherindäki bosgun lageri.

Türkiýäniň serhedinde 20 müňe golaý siriýaly toplandy, olar demirgazyk şäher Alepponyň golaýynda hökümet güýçleriniň edýän hüjüminden gaçan adamlardyr.

Rus howa zarbalaryna arka direýän hökümet güýçleriniň hakykatda pitneçileriň elindäki Alepponyň daşyny gabandygy we gozgalaňçylar bilen gazaply söweşleriň barýandygy aýdylýar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy 5-nji fewralda Alepponyň golaýyndaky Ratian şäheriniň töwereginde bolan çaknyşyklarda iki tarapdan 120 adamyň ölendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG