Sepleriň elýeterliligi

Prezident jaý kärendesini düzgünleşdirýär


Aşgabat, jaýy ýykylan maşgala

Aşgabat, jaýy ýykylan maşgala

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda ýaşaýyş jaýlarynyň kireýine berilmegini we we alynmagyny gözegçilik astyna almaga çagyrdy.

Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň, ýerli häkimlikleriň raýatlaryň özlerine degişli ýaşaýyş jaýlaryny kärendesine bermek işine jogapkärçiliksiz çemeleşýändiklerini aýdyp, olara bu meselede düýpli nägilelik bildiripdir.

Prezident Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurduň raýatlarynyň durmuş derejesiniň ep-esli ýokarlanandygyny bellemek bilen, raýatlaryň käbiriniň birnäçe jaý satyn alyp, olary kärendesine berýändigini aýdypdyr.

Türkmen lideriniň tassyklamagyna görä, bu meselede häzire çenli kesgitli bir düzgün ýok. Ýöne ol indi bu işiň kanunçylyk esasynda amala aşyrylmagyny talap edýär.

Prezidentiň talabyna görä, indi jaýlary kärendesine alýanlar şol salgy, adres boýunça wagtlaýyn ýazga durmaly bolarlar, jaýlaryny kärendä berýänler bolsa, hereket edýän kanun düzgünleri bilen üpjün edilmeli. Şeýle-de prezident bu meselede döwlet salgyt gullugy bilen sazlaşykly işlenmelidigini aýdýar.

Metbugat maglumatynda aýdylmagyna görä, hökümet maslahatynda degişli ýolbaşçylara Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň «tükellemesini geçirmek», eger zerur bolsa, bu meseleler boýunça Ministrler kabinetiniň degişli çözgüdiniň taslamasyny taýýarlamak tabşyrylypdyr.

Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylyň aýagynda Türkmenistanda ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi we raýatlaryň jaý, emläk ýagdaýy häkimiýetlere täzeden tükelleme geçirmezden hem belli bolmaly ýaly.

Ikinji tarapdan, ýurtda ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçilik, jaýy ýyklan adamlaryň jaý bilen üpjün edilişi, Aşgabat ýaly uly şäherlerde adam başyna düşýän ortaça ýaşaýyş meýdany, ýaşaýyş jaýyna hususy eýeçilik, döwlet eýeçiligindäki jaýlaryň hususylaşdyryş prosesi barada hem ýeterlik maglumat çap edilmeýär.

Mundanam başga, sowet döwründen gelýän propiska, ýaşaýan ýeriňde ýazga durmak düzgüniniň raýatlaryň ýurduň islän ýerinde ýaşamak, işlemek hukuklaryny, hereket azatlygynyň çäklendirýändigi barada nägile pikirler aýdylýar.

Emma indi, täze talaplara görä, ýaşaýyş jaýlaryny kärendä bermegiň hakytdanam kanunlaşdyrylmagy, salgyt düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi bilen bir hatarda, ýazga durmak, propiska meselesiniň has berkidilmeginden, raýatlaryň ýurt içinde ýaşaýan ýerini saýlap almak hukuklarynyň emeli çäklendirilmeginden alada duýulýar.

Ýurt içinden gelýän habarlara görä, jaýy ýykylyp, wagtynda jaý alyp bilmeýän raýatlar garyndaşlarynyň jaýlarynda wagtlaýyn, özara oňşup we hasaplaşyp ýaşamaga mejbur bolsa, işsizler başga welaýatlardan Aşgabada iş gözläp gelmäge mejbur bolýarlar.

Jaýlary kärendesine bermegiň düzgünleşdirilmeginiň, kireýine jaý alanlaryň wagtlaýyn ýazga durmagynyň talap edilmeginiň şeýle ýagdaýdaky raýatlara nähili täsir ýetirjegi hakynda öňünden bir zat aýtmak kyn.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG