Sepleriň elýeterliligi

Praga: Bosgun merkezine hüjüm edildi


Praga, Zizkow etraby

Praga, Zizkow etraby

Çeh polisiýasy 6-njy fewralda 20 çemesi näbelli hüjümçiniň Pragadaky bosgun merkezine ot berendigini aýdýar.

Bu waka çeh paýtagtynda musulmanlara we emigrantlara garşy müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen protestden birnäçe sagat soň boldy.

Hüjümçiler Klinka merkezine, Praganyň Zizkow etrabyndaky ozalky medisina klinikasyna zabt etdiler we ýangyçly çüýşeleri zyňdylar.

Häkimiýetler bu hüjümde azyndan bir adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar. Bosgun merkezinde işleýän aktiwistler ol hüjümçileriň neo-nasistler bolandygyny aýtdylar.

Musulmanlara garşy protest Praga galasynyň öňünde geçirildi.

XS
SM
MD
LG