Sepleriň elýeterliligi

Jafari: Saudlylar Siriýa goşun iberip bilmez


Mohammad Ali Jafari

Mohammad Ali Jafari

Eýranyň Yslam rewolýusiýasy gwardiýasynyň korps komandiri Saud Arabystanynyň Siriýa goşun ibermäge gaýraty ýok diýdi.

"Olar [Siriýa] goşun iberjek diýýärler, emma men olar muňa het eder öýtmeýärin” diýip, 6-njy fewralda Yslam rewolýusiýasy gwardiýasynyň korps komandiri Mohammad Ali Jafariniň aýdan sözleri sitirlendi.

Jafari bu sözleri Eýranyň regional bäsdeşi Saud Arabystanynyň Siriýadaky «Yslam döwleti» ekstremist toparynyň jeňçilerine garşy gury ýer operasiýalaryna goşulmaga taýýardygy barada aýdan sözlerine jogap hökmünde aýdypdyr.

Saud Arabystany, eger-de ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky harby ýaranlyk Siriýada gury ýer operasiýalaryna başlasa, özüniň hem olara goşuljagyny duýdurypdy.

“Bu olar üçin ölüm zarbasy ýaly bolar. Görnüşinden, olar şundan başga çykalga görmeýärler, eger şeýle bolsa, olaryň kysmaty öňünden belli" diýip, Jafari aýtdy.

Eýran söweşijileri Siriýada eýýäm söweşip ýörler we soňky hepdelerde olaryň onlarçasy wepat boldy.

Eýran mediasy olaryň meýletinçilerdigini aýdýar.

Tähran ol ýere diňe regional ýarany, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada goldaw üçin, «harby geňeşçileri» ýollandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG