Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abadi: Bagdadyň daşynda haýat gurulmaz


Haýdar al-Abadi
Haýdar al-Abadi

Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi paýtagtyň daşyna diwar, haýat aýlamak planlaryny ret etdi.

«Bagdat ähli yraklynyň paýtagty” diýip, Abadi 6-njy fewralda çap eden beýanatynda aýtdy.

«Beýleki raýatlaryň Bagdada girmeginiň öňüni almak üçin ne diwar, ne-de haýat gurlar» diýip, ol aýtdy.

Abadi Bagdadyň howpsuzlygynyň barlag nokatlaryny gaýtadan gurmak, howpsuzlyga wehim salýan boşluklary ýapmak bilen berkidiljekdigini, şol bir wagtda-da dört million çemesi ilatly şäheriň gelim-gidiminiň aňsatlaşdyryljakdygyny belledi.

Yrak harbylary 3-nji fewralda, «Yslam döwleti» toparynyň hüjümleriniň öňüni almak üçin, Bagdadyň töwereginde howpsuzlyk päsgelçiligini gurmagyň üstünde işlenýändigini aýdypdylar.

XS
SM
MD
LG