Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mogherini Eýran saparyna taýýarlanýar


Federika Mogherini
Federika Mogherini

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini, Tähran bilen dünýäniň iri döwletleriniň arasynda baglaşylan ylalaşyk durmuşa geçirileninden soň, Eýrana möhüm sapara taýýarlanýandygyny aýdýar.

Eýran geçen aý durmuşa geçirilen ylalaşyk astynda öz ýadro işjeňligini düýpli kemeltdi we oňa derek Tährana garşy girizilen sanksiýalar ýatyryldy.

Mogherini 6-njy fewralda Eýrana etjek saparynyň entek senesiniň belli edilmändigini, emma Eýran tarapy bilen bilelikde taýýarlyk görülýändigini aýtdy.

Ol ÝB-niň 28 döwletiniň hemmesiniň Eýran bilen gatnaşyklaryň açylmagyny goldaýandygyny hem sözüne goşdy.

Ol ÝB-niň daşary işler ministrleriniň duşuşygyndan soň çykyp gürledi we 15-nji fewralda Brýusselde Eýranyň daşary işler ministri bilen hem duşuşjakdygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG