Sepleriň elýeterliligi

Erdogan: ABŞ ikiden birini saýlasyn


Rejep Taýyp Erdogan

Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan amerikan resmisiniň kürt güýçleriniň kontrolyndaky siriýa şäherine sapar etmegine gaharyny bildirdi.

Erdoganyň 7-nji fewralda çap edilen sözlerinde «Waşington, öz hyzmatdaşy hökmünde, Türkiýäni ýa-da Kürt demokratik birleşigi partiýasyny, ikiden birini saýlamaly" diýilýär.

«Biz size nähili ynanaly?» diýip, Erdogan sorady. «Siziň hyzmatdaşyňyz bizmi ýa-da Kobanidäki terrorçylar?»

Bu sözler geçen hepde ABŞ-nyň uly diplomaty Bret MakGurk (Brett McGurk) Kürt demokratik birleşigi partiýasynyň agzalary bilen duşuşanyndan soň aýdyldy.

Kürt demokratik birleşigi partiýasynyň harby ganaty, ABŞ-nyň öňbaşçylygynda Siriýadaky YD jeňçilerine garşy söweşýän koalisiýanyň goldawy esasynda, YD jeňçilerini bir ýyl ozal Kobaniden kowup çykarypdy.

Ankara bu partiýanyň agzalaryny Türkiýede bikanun diýlip yglan edilen Kürdüstan işçiler partiýasynyň bir şahamçasy hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG