Sepleriň elýeterliligi

Iordan topragynda görmeli ýerler, öwrenilmeli taryh az däl. Ýöne Petra şolaryň barysyndan saýlanýar. Ol ýerde tebigatyň döreden täsin gudraty bilen ynsan ukyby goşulypdyr.

Tebigy peşgeş

Bu jülge aslynda örän güýçli ýertitreme esasynda emele gelendir diýip, alymlar çaklaýarlar. Nabateý patyşalygy bolsa ol tebigy şertden peýdalanyp, örän berk gaýalaryň arasynda öz paýtagtyny gurupdyr. Oňa barýan ýol dar hem gizlin jülgeleriň içinden geçýär. Jülgäniň käbir ýeri üç metrden inli däl. Beýik gaýa bolsa depäňi örtüp dur.

Petra – gaýa

Petra – gaýa

Öz döwründe bu ýer söwda gatnaşyklarynyň ösmegine gowy şert döredipdir. Kerwen ýollaryny goramak amatly bolansoň, Müsürden Mesopotamiýa barýanlar, Gyzyl deňizden, Ýerorta deňzine geçýänler bu ýerde düşläpdirler. Mundan Nabateý patyşalygy köp haýyr görüpdir. Gaýalaryň arasynda ýerleşen paýtagt uzak ýyllaryň dowamynda emele gelipdir hem gözelleşipdir.

Şol döwrüň adamlary gyzyl daşy edil agaç ýonan ýaly ýonmagy, ony başga şekile öwürmegi başarypdyr. Gaýanyň düýbünden ýagyş-gar suwy akar ýaly ägirt uzyn ganaw gurupdyrlar. Olar dag gaýalaryny ýonup, gowak öý döredipdirler. Olar iki gatly köşk döretmegi-de başarypdyrlar.Sebäbi tebigy şert muňa mümkinçilik beripdir.

Nabareý patyşalygynyň paýtagty bolan bu ýer millionlarça ýyl owal deňziň düýbi ekeni. Deňziň düýbi daşa öwrülipdir. Ol daşlar palçyk ýaly bitewi, olarda sep ýa-da bölekleýin gatlaklar ýok.

Guma gömlen patyşalyk

Ähtibar ýazgylarda Nabateý patyşalygy biziň eramyzdan öňki 4-nji asyrda ýatlanylýar. Bu bolsa onuň has öňräkden emele gelendigini görkezýär. Birnäçe ýüz ýyl dowam eden patyşalygy biziň eramyzyň 2-nji asyryň başlarynda, Rim imperiýasy basyp alypdyr. Şondan soň oňa Petra – Gaýa diýen at berlipdir.

Petra – gaýa

Petra – gaýa

13-nji asyryň başlaryndan, gaýalaryň arasynda ýaşaýyş galmandyr. Bu ýagty dünýäniň tozanly ýeli bolsa bar zady, şol sanda Nabateý patyşalygynyň paýtagtyny-da gömüpdir. Şeýdip, syrgyn çäge gadymy nabateý halkynyň beýik gazananyny, ol halkyň täsin ukybyny hem hünärini talaňçylaryň gözünden ýaşyrypdyr.

Bu taýsyz gözelligi geljekki nesillere ýetirmek üçin, Tebigat daglaryň üstünde ýüzlerçe ýyl gum sowrupdyr.

Ýaňadan açylan bägül

Ýüzlerçe ýyldan soň, has takygy X1X asyryň başynda şäheriň üsti açylýar. Muny şweýsariýaly Gündogary öwreniji hem syýahatçy Iogann Ludwig Burkhardt tapýar.

Owaly tebigatyň döreden gudraty – dagyň iki bölünen jaýrygy aýan bolýar. Ol jülge açylandan soň, ynsanyň döreden gudratynyň üsti hem açylyp başlaýar. Ol gudrat gaýalaryň ýüzünde galypdyr.

Bu jülgedäki tebigatyň gudraty bilen ynsan ukybynyň utgaşygy şindizem şol täzeligine, gyzyl bägüle meňzäp dur.

Petra – gaýa

Petra – gaýa

Gaýadaky şähere alyp barýan jülgä Wadi Musa, ýagny Musa jülgesi diýilýär.

Döwür hem her döwrüň ynsanlary bu gyzyl gaýanyň arasyndan sil ýaly akýar. Bir kiçeňräk şäher şu jülgäniň hasabyna ýaşaýar diýip, ýolbelet gürrüň berýär. Gadymky ynsanlaryň daşy bezäp bilmegi hem ondan peýdalanmagy bu zamanyň adamlaryny haýran galdyrýar.

Dagyň bilindäki gowak öýler gurluşy ýaly saklanypdyr. Gyzyl-ýaşyl zolaklar ol gowak öýleriň içini bezeýär. Gaýanyň ýüzündäki belent sütünler öz durkuny saklap dur.

Gaýanyň bilinde, açyk asmanyň aşagynda döredilen alty müň adamlyk teatr tomaşaçylara garaşýar. Indi bu ýere gelýänler haýsydyr bir oýun-tomaşany däl, beýik teatryň özüni, onuň daş sypatlaryny görýärler.

Gudrat

Petrada tebigatyň emele getiren mümkinçiligi bilen ynsanyň döreden genisi utgaşyp dur. Muny göreniňde, bizdäki Köýtendag ýadyňa düşýär. Ol ýerde daşyň ýüzünde galan gudraty adam eli däl, tebigatyň özi döredipdir. Dinozawryň yzlary akylyňy haýran edýär.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG