Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Üç harby hüjümde wepat boldy


Hüjüme sezewar bolan harby ulag, Dehdadi, 8-nji fewral, 2016

Hüjüme sezewar bolan harby ulag, Dehdadi, 8-nji fewral, 2016

Owganystanyň demirgazyk Balkh welaýatynda goşunyň awtobusynda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bomba partlamasynda azyndan üç owgan esgeriniň wepat bolandygy habar berildi.

Welaýat häkiminiň metbugat-wekili Munir Ahmad Farhad 8-nji fewralda irden Dahdadi etrabynda pyýada hüjümçiniň goşunyň ulagyna hüjüm edendigini aýtdy.

Şeýle-e ol hüjümde ýene 18 harbynyň ýaralanandygyny aýtdy.

"Talybanyň"metbugat-wekili Zabihullah Mujahid hüjümiň jogapkärçiligini guramanyň üstüne aldy.

"Talyban" guramasynyň söweşijileri owgan howpsuzlyk wekillerine garşy hüjümleri tutuş ýurt boýunça güýçlendirdiler.

Ýurduň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda ýerli resmiler näbelli bir adamyň prezident köşgüniň sakçysyny atyp öldürendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG