Sepleriň elýeterliligi

Orsýet YD agzalaryny ele salandygyny aýdýar


Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) Uraldaky Ýekaterinburg şäherinde “Yslam döwleti” toparynyň ýedi agzasyny tussag edendigini aýdýar.

FSB 7-nji fewralda tussag edilenleriň Orsýetiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlaryny öz içine alýandygyny habar berdi.

Federal howpsuzlyk gullugynyň aýtmagyna görä, ele salnan topar “elde ýasalan partlaýjy serişdeleri ulanmakda Moskwada, Sankt Peterburgda we Swerdlowsk regionynda ýokary taýýarlykly terrorçy hüjümleri amala aşyrmagy planlaşdyrypdyr”.

Şeýle-de maglumatda ele salnan topara Orsýete Türkiýeden baran YD toparynyň agzasynyň ýolbaşçylyk edendigi bellenýär.

Orsýetiň resmileri üç müň çemesi orsýet raýatynyň Siriýada YD toparyna goşulandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG