Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Onlarça müň siriýaly serhetde galýar


Siriýaly bosgunlar, Azaz şäheriniň golaýyndaky Bab al-Salama, Siriýanyň Türkiýe biler serhet geçelgesiniň golaýynda, 7-nji fewral, 2016
Siriýaly bosgunlar, Azaz şäheriniň golaýyndaky Bab al-Salama, Siriýanyň Türkiýe biler serhet geçelgesiniň golaýynda, 7-nji fewral, 2016

Siriýanyň hökümetiniň Orsýetiň howa zarbalaryna daýanyp Aleppoda geçirýän hüjümlerinden gaçyp, öz öýlerini terk eden onlarça müň siriýaly Türkiýe bilen serhetde galýar.

Türkiýe topar bolup gelýän adamlara, şol sanda aýallara we çagalara kömek berjekdigini aýtdy. Emma Türkiýe öz serhetlerini açmaýar. Ýardam beriji guramalar siriýalylaryň “çykgynsyz” ýagdaýa düşendigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Türkiýäniň prezidenti we premýer-ministri bilen gepleşik geçirmek üçin 8-nji fewralda Ankara bardy.

Ýewropa Bileleşigi Ankaranyň öz serhetlerini bosgunlar üçin açyk saklamak borjuny öz üstüne alandygyny aýdýar, şol bir wagtda-da Günbatar Ýewropa bosgunlaryň akymyny saklamak ugrunda Türkiýä basyş edýär.

Brussel Ýewropa Bileleşigine täze bosgunlaryň barmagynyň öňüni almakda Türkiýäniň ýardam bermegi üçin üç million ýewro möçberde ýardam teklip edýär.

XS
SM
MD
LG