Sepleriň elýeterliligi

Seul Phenýana duýduryş berdi


Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň harby gämileriniň bilelikdäki türgenleşigi

Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň harby gämileriniň bilelikdäki türgenleşigi

Phenýanyň raketa uçurmagynyň yzýany Günorta Koreýa öz suw giňişligine giren Demirgazyk Koreýanyň harby gämisine duýduryş berip ok atdy.

8-nji fewralda irden ýüze çykan bu ýagdaý Phenýanyň uzak aralyga uçýan raketasyny uçuryp, emeli hemrasyny orbita çykarmagyndan soň Koreýa ýarymadasynda dartgynlylygyň güýçlenen wagtyna gabat geldi we Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy bilen bagly aladalanmalary güýçlendirdi.

Günorta Koreýa, Ýaponiýa we ABŞ Phenýanyň hereketine ýaşyryn raketa synagy hökmünde seredýärler we onuň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň birnäçe rezolýusiýasyny bozýandygyny aýdýarlar.

7-nji fewralda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi adatdan daşary maslahatyny geçirip, raketanyň uçurylmagyny ýazgardy we “ähmiýetli” täze sanksiýalar barada rezolýusiýany kabul edip biljekdigini mälim etdi.

Phenýanyň ýakyn ýarany Hytaý rezolýusiýa garşy çykdy.

ABŞ-nyň ilçisi Samanta Power BMG-niň Demirgazyk Koreýa babatynda täze rezolýusiýasynyň gysga wagtda kabul edilmelidigini we Phenýanyň hatda garaşmaýan “öň görlüp eşidilmedik” çäreleri öz içine almalydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG