Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet: Ýene iki bankyň lisenziýasy ýatyryldy


Orsýetiň Merkezi banky, Moskwa

Orsýetiň Merkezi banky, Moskwa

Orsýetiň Merkezi banky ýurduň bank pudagyny berkitmek boýunça çäreleriň çäginde ýene iki bankyň lisenziýalaryny ýatyrdy.

Orsýet Bankynyň 8-nji fewralda aýtmagyna görä, ýurduň bank hasaplarynyň möçberi boýunça 67-nji ýerde duran Interkommerz banky bak hasaplary bilen bagly töwekgelçilikleri talaba laýyk kesgitlemekde şowsuzlyk görkezipdir, hili pes bolup, “şübheli” hasaplaşyklara ýol beripdir.

Şeýle-de Merkezi Bank Alta-Bankyň lisenziýasyny ýatyrýandygyny, sebäbi onuň kreditorlaryň öňündäki borçlaryny berjaý edip bilmändigini aýtdy.

Orsýet Banky geçen ýylda 100 golaý bankyň lisenziýasyny ýatyraly bäri, gowşak we gümürtik banklary aradan aýyrmak boýunça çärelerini dowam etdirýär.

XS
SM
MD
LG