Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ylalaşyk gazanan wekillerini sylaglady

Eýranyň goranmak ministri Hossein Dehghan (çepden saga), prezident Hassan Rohani, daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif, Atom energiýasy boýunça guramasynyň ýolbaşçysy Ali Akbar Salehi, Tähran, 8-nji fewral, 2016.

Eýran ýadro programmasy boýunça dünýäniň iň täsirli ýurtlary bilen geçen ýylda ylalaşyga gelinmegine ýardam beren öz resmilerini sylaglady.

Prezident Hassan Rohani 8-nji fewralda Tähranda geçirilen dabarada “Bitiren hyzmaty üçin medalyny” daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarife gowşurdy.

Eýranyň Atom energiýasy boýunça guramasynyň ýolbaşçysy Ali Akbar Salehi we goranmak ministri Hossein Dehghan “Edermenlik medallary” bilen sylaglandy.

“Biz agyr günleri, agyr sagatlary we gijeleri başdan geçirdik”, diýip Rohani “emma biz dogry ýoldan sowulmadyk we Hudaý bizi terk etmedi”, diýdi.

Eýranyň we dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň arasynda iýul aýynda baglaşylan ýadro ylalaşygy BMG Eýranyň öz ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça öz üstüne alan ähli borçlaryny berjaý edendigini yglan edensoň geçen aýda güýje girdi.

XS
SM
MD
LG