Owganystanyň käbir resmileri Eýrany “Talyban” hereketini goldamakda aýypladylar. “Talyban” hereketiniň lideri Molla Omaryň ölendigi yglan edilenden soň, bu topara ikä bölündi.
Günorta-günbatar Owganystanda Molla Resulyň ýolbaşçylygyndaky “Talyban” toparynyň güýçlidigi aýdylýar. Owganystanyň Goranmak ministrligi Eýranyň bu topary ok-däri serişdeleri bilen üpjün edýändigini mälim etdi.
Bu barada Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.