Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hyjaply amerikan sportçysy taryh ýazýar


Ibtihaj Muhammad.
Ibtihaj Muhammad.

CNN.com atly internet sahypasynyň ýazmagyna görä, amerikan gylyç sportçusy Ibtihaj Muhammad häzire çenli Olimpiada medalyny gazanmandyr, ýöne ol indi taryh ýazmaga başlapdyr.

30 ýaşyndaky Ibtihaj Muhammad 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda geçiriljek Olimpiada oýunlaryna hyjaply gatnaşjak ilkinji amerikan sportçusy bolar.

Golaýda başdan geçiren birnäçe güni Ibtihaj Muhammad diýen aýal üçin möhüm öwrülişik pursady boldy. Geçen hepde Afinyda geçirilen ýaryşda gazanan üstünlikleri onuň ABŞ-nyň Olimpiada toparyna goşulmagyna sebäp boldy. Munuň bilen bir hatarda, prezident Barak Obama hem çarşenbe güni Baltimor metjidinde eden çykyşynda ony ýörite mahabatlandyrdy.

"Öýe gyzyl medal bilen dolangyn..."

Obama çykyş edýän mahaly ol zenan sportçynyň ýörite hormaty kabul etmegi üçin ýerinden turmagyny haýyş etdi. Onsoň hemmeleriň onuň hormatyna el çarpmagyny haýyş etdi we onuň göwnüni götermek üçin şeýle ýagşy sözleri aýtdy: "Öýe gyzyl medal bilen dolangyn..."

Prezident Obama agzalýan çykyşyndan öň musulman toplumlarynyň birnäçesiniň baştutany bilen tegelek stoluň başynda yslamyň ýagdaýy we yslamofobiýa, ýagny yslam dinine çydamsyzlyk görkezilmek problemasy barasynda gürrüňdeşlik geçirdi. Dini toparlaryň baştutanlarynyň arasynda şol sportçy zenan Ibtihaj Muhammad hem bar ekeni.

Nädogry garaýyşlar üýtgemese...

"Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda ýaşaýan hemme musulmanlar-da kyn, ýöne musulman zenanlar üçin has hem kyndyr. Biz edil häzir gaty möhüm öwrülişik pursadyny başdan geçirýäris. Hemme ýagdaý hasam bulaşyp biler" diýip, sportçy Ibtihaj Muhammad CNN-e beren interwýusynda aýdýar.

Ol musulmanlara garşy nädogry garaýyşlar üýtgemese, "Chapel Hill" ýaly ýerlerde bolan terrorçylykly wakalaryň has köp gaýtalanjakdygyny nygtaýar. Hut munuň özüni gaty ynjalyksyzlandyrýandygyny aýdýar.

2015-nji ýylyň fewral aýynda bolup geçen ol wakada üç sany musulman student goňşulary tarapyndan atlylyp öldürilipdir.

Gaty köp amerikalylar bolsa munuň ýigrenç döretmek üçin bilkastlaýyn edilen jenaýatdygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG