Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident: Parahorlugyň üsti açyldy


Türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow.
Türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow.

Türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Pälwan Taganowy “işde goýberen düýpli kemçilikleri” diýen kesgitleme bilen wezipesinden boşatdy.

5-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda Berdimuhamedow ýolbaşçylaryň, hususan-da, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda parahorluk hadysalarynyň ýüze çykarylandygyna ünsi çekdi. Emma ol parahorlugyň anyk haýsy ýolbaşçylaryň arasynda ýüze çykarylandygy, onuň möçberi barada anyk maglumat bermedi.

Türkmen lideri “söwda pudagynda düzgün-tertibiň gowşadylandygyny, hünärmenleri taýýarlamak işlerine ýeterlik üns berilmändigini, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmändigini belläp, Taganowyň özüne ynanylan wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi başarmandygyny” aýtdy we ony eýeleýän wezipesinden boşatdy diýlip, türkmen mediasynda berlen maglumatda bellenilýär.

Dollar we çilim çäklendirmesi

Ýeri gelende belläp geçsek, bu waka Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň (dollar we ýewro) we çilimiň satuwynyň çäklendirilen mahalyna gabat geldi. Şu ýylyň ýanwar aýynyň ortalaryndan başlap Türkmenistanyň banklaryndaky walýuta alyş-çalyş nokatlaryndan nagt dollar, ýewro satyn almak doly ýatyryldy.

Geçen aý Türkmenistanyň Merkezi banky “2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanda ilata daşary ýurt puluny satmak düzgünlerine birnäçe üýtgetmeleriň girizilendigini we mundan beýläk fiziki şahslaryň daşary ýurt walýutasyny diňe bank hasaplarynyň üsti bilen satyn alyp biljekdigini” mälim etdi.

Şeýle-de geçen aýyň başynda ýurtda temmäki satýan dükanlaryň ençemesi ýapylyp, çilimiň “bikanun söwdasyny etmekde” aýyplanyp, birnäçe adamyň tussag edilendigi habar berildi.

Parahorluk boýun alyndy

Türkmen telewideniýesiniň 14-nji ýanwarda görkezen maglumatynda harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde geçiren operasiýalarynda ýurda bikanun getirilen temmäki önümleriniň ele salnandygy, bu çäräniň netijesinde temmäki önümlerini bikanun getirmekde aýyplanýan, şeýle-de döwlet gullugyndaky wezipesinden peýdalanyp, para alandygy aýdylýan raýatlaryň birnäçesi türkmen telewideniýesinde görkezildi.

Emma resmi maglumatda boldy diýilýän kanun bozulmalaryň haçan amala aşyrylandygy, bikanun getirilendigi aýdylýan temmäkiniň we alyndy diýilýän paranyň möçberi barada anyk maglumatlar berilmeýär.

Gepiň gerdişine görä bellesek, 8-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň Baş prokurory Amanmyrat Hallyýew “käbir ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we welaýat häkimlikleriniň aýry-aýry işgärleriniň parahorluk edýändiklerini” boýun aldy. Emma ol anyk haýsy ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we welaýat häkimlikleriniň parahorluk edýändikleri, parahorlugyň möçberi we bu aýyplamalaryň nämä esaslanýandygy barada takyk maglumat bermedi.

27-nji ýanwarda “Transparency International” guramasy 2015-nji ýylda 168 ýurtda geçirilen barlaglaryň netijelerini, ýagny ýylyň Korrupsiýa görkezijisini çap etdi. Onda Türkmenistan dünýäniň has korrumpirlenen we iň bir aýdyň bolmadyk ýurtlarynyň hatarynda agzalyp, 168 döwletiň arasynda 154-nji orunda ýerleşdirilipdir.

XS
SM
MD
LG