Sepleriň elýeterliligi

Seul Phenýana duýduryş okuny atdy


Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň harby gämileriniň bilelikdäki türgenleşigi.

Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň harby gämileriniň bilelikdäki türgenleşigi.

Phenýan jedelli raketasyny uçuranyndan bir gün soňra Günorta Koreýa öz suw giňişligine giren Demirgazyk Koreýanyň harby deňiz güýçlerine degişli bir patrul gämisini, ok atyp duýduryş bermek bilen, yza çekilmäge mejbur etdi.

8-nji fewralda ir ertir ýüze çykan bu hadysa Koreýa ýarymadasynda dartgynlylygyň artýan mahalyna gabat geldi. Täze dartgynlylyga sebäp bolan - Demirgazyk Koreýanyň uzak aralyga ýetýän raketa arkaly bir emeli hemrany kosmosa çykaranlygydyr. Bu iş Phenýanyň ýadro programmasy sebäpli bar bolan aladalary güýçlendirýär.

Günorta Koreýa, Ýaponiýa we Amerikanyň Birleşen Ştatlary raketanyň uçurylmagyna Phenýan tarapyndan geçirilen ýaşyryn raketa synagyna Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň birnäçe rezolýusiýasynyň bozulmagy diýip garaýarlar.

Rezolýusiýa

7-nji fewralda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi gyssagly maslahat geçirip, raketanyň uçurylmagyny berk ýazgaryp, özüniň täze "möhüm" çäreler hakda rezolýusiýa kabul etjekdigini bildirdi.

Bu beýannamany Phenýanyň ýakyn ýarany Hytaý bilen birilikde Howpsuzlyk Geňeşiniň beýleki on dört agzasy goldadylar.

Amerikanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Samanta Power guramanyň Demirgazyga garşy gönükdirilen rezolýusiýasynyň çalt kabul edilmelidigini, onuň Phenýanyň oslamaýan, "ozal görlüp-eşidilmedik çärelerini" öz içine almalydygyny aýtdy.

Ýaponiýanyň ilçisi Motohide Ýoşikawa "häzirki sanksiýalar Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryny öndürmeginiň öňüni alyp bilmedi" diýip, has agyr sanksiýalaryň girizilmegine çagyrdy.

Wodorod bombasy

Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Liu Jieýi hem sanksiýalar "dartgynlygy gowşatmaly... we gepleşikler esasynda gelinjek çözgüde höwes döretmeli" diýdi.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet telekanalynyň aýtmagyna görä, "Kwangmyongson-4" diýlip atlandyrylan hemra indi her 94 minutda Ýeriň daşyndan aýlanýar, Phenýan geljekde hem şeýle hemralary uçurmagy dowam etdirer.

Ýöne tankytçylar Phenýanyň muňa duwlanyp, ýadro bombasyny götermäge ukyply ballistik raketa synagyny geçirýändigini, munuň bolsa Howpsuzlyk Geňeşiniň ençeme rezolýusiýasy boýunça gadagandygyny aýdýarlar.

Demirgazyk Koreýa ýaňy ýanwarda hem özüniň wodorod bombasyny üstünlikli synagdan geçirendigini habar berdi.

"Çuň gynandyryjy"

7-nji fewralda raketa uçurylandygy baradaky habar ýaýrap-ýaýramanka bu iş ýazgaryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Mun muny "çuň gynandyryjy" diýip atlandyryp, raketada peýdalanylan ballistik raketa tehnologiýasy diýdi. Ban şeýle hem Demirgazyk Koreýa "prowokasion hereketleri" bes etmeli diýdi.

Amerikanyň döwlet sekretary Jon Kerri raketa uçuryldy diýen habara Waşingtonyň Ýaponiýany we Koreýany goramak babatynda beren wadasyna ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklamak bilen reaksiýa görkezdi.

Kerri Phenýan, BMG-niň rezolýusiýalaryny bozandygy üçin jogap berer ýaly, Birleşen Ştatlar Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi bilen birlikde «düýpli çäreleriň» üstünde işleşer diýdi.

7-nji fewralda Günorta Koreýanyň Goranmak ministrliginiň ýokary derejeli bir resmisi Seul bilen Waşingtonyň mümkin bolan ýagdaýda Günorta Koreýada öňdebaryjy raketadan goranyş sistemasyny ýerleşdirmek hakdaky gepleşiklere başlamak boýunça ylalaşandyklaryny bildirdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG