Sepleriň elýeterliligi

Germaniýada otly heläkçiligi boldy


Ot söndürijiler otly heläkçiliginiň bolan ýerine barýarlar, Bad Aibling, 9-njy fewral, 2016

Ot söndürijiler otly heläkçiliginiň bolan ýerine barýarlar, Bad Aibling, 9-njy fewral, 2016

Germaniýanyň Bawariýa regionynda iki ýolagçy otlusy çaknyşyp, azyndan sekiz adamyň ölümine sebäp boldy.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, 9-njy fewralda irden iki regional otlusynyň bir ýolda biri-birine gabat gelip çaknyşmagy zerarly 150 adam ýaralanypdyr.

German mediasy bir otlynyň çaknyşykda ýoldan çykyp, birnäçe wagonyň agdarylandygyny habar berdi.

Käbir adamlaryň ýumrulan wagonlaryň içinde galýandygy aýdyldy.

Demirýol heläkçiligi Munhenden 60 kilometr uzaklykda Bad Aibling şäherçesiniň golaýynda boldy.

Onuň sebäpleri entek anyklanmady.

XS
SM
MD
LG