Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Saud Arabystany Siriýany maslahat etdiler


Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir we ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri
Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir we ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň Siriýada “Yslam döwleti” toparyna garşy amala aşyrýan harby kampaniýasynyň çäginde öz ýurdunyň ýörite güýçlerini ibermek mümkinçiligini teklip etdi.

Al-Jubeir bu barada Waşingtonda ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri bilen geçiren gepleşikleriniň ikinji güni eden çykyşynda aýtdy. Gepleşikler Siriýadaky we Ýemendäki konfliktlere gönükdirildi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ABŞ-nyň gury ýer goşunlarynyň Siriýa ýollanmagyna garşy çykýar, emma ol ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň 50 harbysyny ibermegi geçen ýylda karar etdi.

XS
SM
MD
LG