Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HMF Ukraina kömegini yza tesdirdi


Ukrainanyň maliýe ministri Natalia Ýaresko
Ukrainanyň maliýe ministri Natalia Ýaresko

Halkara maliýe fondy Ukraina maliýe kömeginiň berilmegini ýurduň hökümetiniň häkimiýet başynda galjagy aýdyň bolýança saklajakdygyny aýtdy, diýip ýurduň maliýe ministri 8-nji fewralda mälim etdi.

Ykdysadyýet ministriniň geçen hepdede wezipesinden çekilmegi we maliýe ministri Natalia Ýareskonyň ukrain telewideniýesinde öňe süren pikirleri Ukrainanyň karz berijiler bilen gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmak howpunyň bardygyny görkezdi.

Premýer-ministr Arseniý Ýatsenýugyň hökümetiniň meşhurlygynyň peselýän wagtynda, onuň fewral aýynda parlamentde özüne ynamsyzlyk bildirilmegi bilen hem ýüzbe-ýüz bolmagy ähtimal.

Ukraina Halkara maliýe fondundan, ABŞ-dan we Ýewropa Bileleşiginden 40 milliard dollar möçberinde maliýe kömeginiň bir böleginiň berilmegine oktýabr aýyndan bäri garaşýar. Maliýe kömegiň berilmegi Ukrainanyň ykdysadyýeti bäsdeşlige has ukyply etmek we korrupsiýany azaltmak boýunça reformalary geçirmegine bagly bolar.

XS
SM
MD
LG