Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Merkeliň, Erdoganyň aýyplamalaryny ret etdi


Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow
Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Orsýet Siriýada amala aşyrýan howa zarbalarynyň netijesinde parahat ilatyň arasynda pidalaryň bolýandygy barada “ynamly subutnamanyň” ýokdugyny aýdýar.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow şeýle kommentariý bilen Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň Orsýetiň howadan bombalamagynyň parahat ýaşaýjylaryň arasynda döreden netijeleriniň özüni “hopukdyrandygyny” aýtmagynyň yzýany, 9-njy fewralda çykyş etdi.

Şeýle-de Peskow Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Orsýetiň Siriýany basyp almaklyga gatnaşýandygy barada aýdanlaryny “ýalan we manysyz” diýip atlandyrdy.

Orsýet Siriýada amala aşyrýan howa hüjümlerine 30-njy sentýabrda başlady we hökümet güýçlerine Siriýanyň merkezinde we günbatarynda ekstremist toparlaryň we oppozision söweşijileriň eline geçen territoriýalary gaýdyp almaga ýardam berýär.

XS
SM
MD
LG