Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Merkel hüjümleriň 'elhençdigini' aýtdy


Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu (sagda) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu (sagda) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Orsýetiň we Siriýanyň howa zarbalarynyň sebäp bolýan ýowuzlyklarynyň “elhençdigini” aýdýar.

8-nji ýanwarda Ankarada türk resmileri bilen gepleşikler geçiren Merkel “hususan-da, Orsýet tarapyndan” amala aşyrylýan bombalamak kampaniýasynyň “on müňlerçe” adamynyň durmuşyna agyr täsir ýetirýändigini nygtady.

Şeýle-de, ol Germaniýa we Türkiýe BMG-niň geçen ýylyň dekabr aýynda kabul eden rezolýusiýasynyň berjaý edilmegi üçin tagalla eder diýdi. Bu rezolýusiýa parahat ilaty bombalamazlyga çagyrýar.

Günbatar ýurtlar Orsýeti “Al-Kaýda” we “Yslam döwleti” toparlarynyň söweşijilerini nyşana almagyň deregine aram oppozisiýa toparlaryny nyşana almakda hem-de Siriýanyň günbatar we demirgazyk böleginde parahat ilatdan ýüzlerçe adamy öldürmekde yzygiderli aýyplaýarlar. Kreml bu aýyplamalary ret edýär we özüniň diňe terrorçy toparlary bombalaýandygyny aýdýar. Orsýet Siriýadaky bombalamak kampaniýasyna geçen ýylyň sentýabr aýynda başlady.

Klaster ok-däri serişdeleri

Orsýetiň howa zarbalarynyň kömegi bilen Siriýanyň hökümet güýçleri ýurduň günbatarynda we merkezinde aram oppozision toparlar we käbir ekstremistik toparlar tarapyndan basylyp alnan käbir territoriýalary yzyna aldy.

Ýakynda Siriýanyň hökümet güýçleri Alepponyň töweregindäki käbir territoriýalary hem eýeledi. Siriýanyň bu iň uly şäheri hökümet güýçleri bilen oppozision söweşijileriň arasynda ikä bölünen ýagdaýda galýar.

Bu şäheriň gabawda saklanyp galmagy parahat ilatdan on müňlerçe adamy ýurduň demirgazygyna - Türkiýe bilen serhede tarap gaçmaga mejbur etdi. Siriýada uruş başlamazdan ozal Aleppo şäherinde 2 milliondan gowrak adam ýaşaýardy.

Merkeliň duşenbe günki çykyşy adam hukuklaryny gorap çykyş edýän Human Rights Watch guramasynyň 26-njy ýanwardan bäri Orsýet bilen Başar al-Assadyň režiminiň bilelikdäki harby operasiýalarynda azyndan 14 hüjümde halkara derejede gadagan edilen klaster ok-däri serişdeleriniň ulanylandygyny takyklan gününe gabat geldi.

118 ýurt tarapyndan gadagan edilen harby serişdeler

Maglumatda şol hüjümlerde parahat ilatdan jemi 37 adamyň, şol sanda alty zenanyň we dokuz çaganyň öldürilendigi we başga-da onlarçasynyň ýaralanandygy habar berilýär.

Klaster bombalarynyň ulanylmagy dünýäniň 118 ýurdy tarapyndan gadagan edilendir, emma Orsýet we Siriýa bu gadagançylyga goşulmaýarlar.

Orsýetiň harbylarynyň metbugat wekili Igor Konaşenkow geçen ýylyň dekabr aýynda çykyş edip, “Orsýetiň Siriýadaky howa bazasynda” klaster ok-däri serişdeleriniň ýokdugyny aýdypdy.

Human Rights Watch guramasy Orsýetiň Siriýadaky “Hmeýmim howa bazasynda” düşürilen suratlar we wideo klaster ok-däri serişdeleriniň bardygyny görkezýär diýýär.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu 8-nji ýanwarda Merkel bilen geçiren duşuşygyndan soň çykyş edip, Türkiýe bilen Siriýa serhediniň golaýynda 30 müň çemesi siriýaly bosgunlaryň garaşýandygyny we “zerur bolanda” olaryň ýurda goýberiljekdigini aýtdy.

Konfliktde 250 müň adam öldi

Şeýle-de, Dawutoglu Orsýeti Türkiýä bosgunlaryň täze akymynyň gelmegine sebäp bolmakda aýyplady. 2011-nji ýylda Siriýada raýat urşy başlanaly bäri Türkiýä 2,5 million çemesi siriýaly bosgunlar gaçyp geldi.

Siriýada dowam edýän bu konfliktde azyndan 250 müň adam öldi we birnäçe million adam öz öýlerini terk etmäge mejbur boldy.

Dawutoglu Orsýetiň we Siriýanyň Aleppo garşy hüjümlerini togtatmak üçin Türkiýe bilen Germaniýanyň bilelikdäki diplomatik inisiatiwany amala aşyrmak barada ylalaşandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, ol 11-nji fewralda NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň gatnaşmagynda geçiriljek ýygnakda Türkiýe bilen Germaniýanyň Nato bileleşiginden “Siriýadan gelýän bosgunlar akymy” meselesini çözmäge gatnaşmagy sorajakdygyny belledi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG