Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pragadaky “Bosgunlar merkezine” hüjüm edildi


Pragada “PEGIDA” atly toparyň musulman bosgunlara garşy geçiren protesti. 6-njy fewral, 2016 v.
Pragada “PEGIDA” atly toparyň musulman bosgunlara garşy geçiren protesti. 6-njy fewral, 2016 v.

Çeh polisiýasy 6-njy fewralda Pragada ýerleşýän bosgunlara ýardam edýän merkeziň 20 töweregi näbelli hüjümçiler tarapyndan ýakylandygyny habar berýär. Polisiýanyň aýtmagyna görä, bu hüjümler çeh paýtagtynda musulmanlara we immigrasiýa garşy gurnalan protestden sanlyja sagat soňra ýüz beripdir.

Hüjümçiler bosgunlary geýim-gejim bilen üpjün etmek üçin niýetlenen “Kliniki merkeze” hüjüm edip, ol ýere ýandyryjy jisimleri zyňypdyrlar.

Häkimiýetler hüjümde azyndan bir kişiniň ýaralanandygyny habar berýärler.

Praganyň ýangyn söndüriji gullugynyň wekili ýangynyň gysga wagtda söndürilendigini habar berýär.

“PEGIDA” topary

Praganyň “Žižkow” sebitiniň ozalky medisina klinikasy bolan merkezde işleýän aktiwistler hüjümçileriň neonasistlerdigini aýdýarlar.

Praga galasynyň prezident köşgüniň öňünde musulmanlara garşy geçirilen protest, “PEGIDA” atly toparyň 6-njy fewralda ýewropa ýurtlarynyň ençemesinde gurnan protestleriniň biridir. Bu toparyň ady “Günbataryň yslamlaşmagyna garşy watançy ýewropalylar” (Patriotic Europeans Against the Islamization of the West) diýen sözlerden gelip çykýar.

Bu topar 2014-nji ýylda Germaniýanyň Drezden şäherinde döredileli bäri aşa sagçy we immigrantlara garşy bolan adamlaryň arasynda ýörgünli bolup gelýär.

6-njy fewralda 8 müň töweregi PEGIDA-nyň tarapdarlary Drezdeniň köçelerine çykanda, müňlerçe garşy protestçiler bilen ýüzbe-ýüz boldular. Ýöne polisiýa, kynlyk bilen hem bolsa, bu iki garşydaş güýçleriň gabatlaşmagynyň öňüni aldy.

Serhetleri goramak

PEGIDA-nyň agzasy bolan Siegfried Daebritz Drezden şäherindäki mitingde şeýle diýdi: “Biz Ýewropanyň içki serhetlerini goraýşymyz ýaly onuň daşky serhetlerini hem has gowy gorap bilmelidiris”.

PEGIDA-nyň guramaçylary ilkibaşda olaryň 15 müň çemesi adamyň Drezdendäki mitinge gatnaşmagyna garaşýandyklaryny aýtdylar.

Drezdeni ikä bölüp geçýän Elba derýasynyň garşy tarapynda bolsa 10 müň töweregi garşy protestçiler jemlendi.

Warşawada, Amsterdamda, Birmingemde, Fransiýanyň, Latwiýanyň we Daniýanyň birnäçe şäherlerinde bolsa PEGIDA musulmanlara we immigrantlara garşy diňe birnäçe ýüz adamdan ybarat toparlary köçelere çykdy.

“Şübheli paket”

Amsterdamyň şäher häkimliniň binasynyň golaýyndaky halk meýdançasynda PEGIDA-nyň 200 töweregi ýarany ilkinji gezek protest çykyşyny geçirmäge çalşanda polisiýa bilen olaryň arasynda çaknyşyk boldy.

Şonda polisiýanyň agzalan meýdançada “şübheli paket” bar diýip häsiýetlendiren ýerinde bomba ekspertleriniň derňew geçirýänligi sebäpli, resmileriň agzalýan meýdançany mitingiň öň ýanynda ýapmagy çaknyşyklara alyp geldi.

Ýöne 6-njy fewralda Fransiýanyň port şäheri bolan Calais şäherinde polisiýa 150 çemesi anti-immigrant protestçilere garşy göz ýaşardyjy gaz ulandy we olar bilen çaknyşdy. Protestçiler: “Biz Calaisiň ölmegine rugsat bermeli däl” diýlen sözleri tekrarladylar.

Calaisde birnäçe aşa sagçy protestçi tussag edildi. Protestçiler ýerli häkimiýetleriň demonstrasiýany gadagan etmegine garamazdan, şeýle çäreleri geçirýärler.

Calais şäheri Ýewropanyň migrantlar bilen bagly krizisiniň esasy nokatlarynyň birine öwrüldi. Sebäbi müňlerçe migrantlar “tunel kanalynyň” üsti bilen Angliýa geçmek niýeti bilen şol şähere jemlenişip, ýaramaz şertlerdäki lagerlerde ýaşaýarlar.

XS
SM
MD
LG