Sepleriň elýeterliligi

HMF Ukraina maliýe kömegini bermekden ‘saklanar’


Ukrainanyň maliýe ministri Nataliýa Ýaresko.

Ukrainanyň maliýe ministri Nataliýa Ýaresko.

Ukrainanyň maliýe ministriniň 8-nji fewralda bildirmegine görä, häzirki hökümetiň aýak üstünde galyp-galmajagy belli bolýança, Halkara maliýe fondy (HMF) Ukraina maliýe kömegini bermekden saklanar.

Öten hepde ykdysadyýet ministriniň garaşylmadyk ýagdaýda wezipesinden çekilmegi we maliýe ministri Nataliýa Ýareskonyň Ukrainanyň "ICTV" telekanalynda beren beýanatlary syýasy krizisiň Ukrainanyň kreditorlar bilen bolan gatnaşygyna zyýan ýetirme howpunyň bardygyny görkezýär.

Premýer-ministr Arseniý Ýatsenýugyň hökümetiniň il arasynda oňlanma derejesiniň ýokary däldigi ministrliklerde düýpli özgerişler bolar diýen pikirleri oýardy. Galyberse-de, hökümetiň fewral aýynyň ortasynda parlamentde ynamsyzlyk wotumyna uçramagy mümkin.

Ukraina Halkara maliýe fondy, Ýewropa Bileleşigi we Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan üpjün edilen 40 milliard dollar möçberindäki maliýe kömeginiň nobatdaky bölegine oktýabr aýyndan bäri garaşýar.

Maliýe kömeginiň berilmegi hem Ukrainanyň ykdysadyýetini bäsdeşlige ukyply etmäge, ýurtdaky korrupsiýany çäklendirmäge gönükdirilen reformalaryň girizilmegine baglap goýuldy.

Ýöne häzirki syýasy krizis döremezinden öň-de reformalara görkezilýän garşylyk maliýe kömeginiň üçünji bölegi bolan 1.7 milliard dollaryň goýberilmeginiň gijikdirilmegine getiripdi.

Maliýe ministri Ýaresko, häkimiýet başyndaky partiýanyň içindäki korrupsiýa salgylanyp, ykdysadyýet ministri Aiwaras Abromawisiusyň garaşylmadyk ýagdaýda wezipesinden çekilmegi sebäpli dörän syýasy bulam-bujarlyga pulsuzlykdan kösenýän ýurduň agyr baha töleýändigini aýtdy.

Halkara maliýe fondy "syýasy [gurama] däl. Ýöne ol ýerine ýetiriji häkimiýetleriň kimlerdigi belli bolýança we bu häkimiýet kabul edilen şertleri ýerine ýetirmek boýunça jogapkärçiligi öz üstüne alýança garaşmakçy. Olar ozal şol şerleriň esasynda bizi 6.7 milliard dollar bilen üpjün etdiler" diýip, Ýaresko aýtdy.

Ýaresko: "Olar indki hökümeti hem kömek bilen üpjün edip bilerler. Ýöne indiki geljek hökümet jogapkärçiligi, biziň bir ýyl mundan ozal üstümize alan borçlarymyzy öz üstüne almaly" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Abromawisius wezipeden çekilende özüniň korrumpirlenen şahsy bähbitlere "oýnatgy" bolmak islemeýändigini aýdyp, prezident Petro Poroşenkonyň ýakyn ýaranlarynyň birini ministrligiň kontrollygyny öz elinden almaga synanyşýanlykda aýyplady.

Öten hepde Halkara maliýe fondunyň direktory Krisine Lagarde Abromawisiusyň wezipesinden çekilmegi "aladalandyryjy" diýse-de, Ukrainany maliýeleşdirmäge niýetlenen programmada üýtgetme bolar diýmedi.

Ukraina işini batyrman saklamak üçin Halkara maliýe fondy, Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan üpjün edileýän pula mätäç. Öten ýyl ýurduň ykdysadyýeti 10% aşaklady. Agyr durgunlyk, Orsýet tarapyndan goldalýan separatistler bilen uruş ýurdy pese gaçyrdy. Onuň senagatlaşan gündogar bölegi separatistleriň kontrollygynda.

XS
SM
MD
LG