Sepleriň elýeterliligi

Mosul bendiniň töwekgelligi artýar


 Mosul bendi

Mosul bendi

Yragyň Mosul bendi ozaldanam dünýäniň iň bir howply ýagdaýdaky bendidi.

Yrak parlamentiniň 9-njy fewralda çap eden hasabatyna görä, bu bent barha gowşap, ugrundaky millionlarça adama gark bolmak howpuny salýar.

Birleşen Ştatlar tarapyndan taýýarlanylan hasabatda aýdylmagyna görä, bu bent gurlanda durnuksyz binýadyň üstünde gurlupdyr.

Munuň üstesine, «Yslam döwleti» topary 2014-nji ýylda gysga wagt Mosuly eýelände, bende edilmegi idegiň edilmezligi ony has-da gowşadypdyr.

«Geçen ýylyň dowamynda toplanan maglumatlaryň ählisi Mosul bendiniň şu günki gün, bir ýyl ozalkysyna garanda, has howply ýagdaýdadygyny görkezýär» diýip, Birleşen Ştatlaryň goşundaky inžerenler korpusynyň hasabatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG