Sepleriň elýeterliligi

Tramp, Sanders ýeňiji boldy


Tramp we Sanders

Tramp we Sanders

Milliarder Donald Tramp New Hampshirde prezidentlige respublikan kandidatlaryň arasynda ýeňiji boldy.

Amerikan senatory Berniýe Sanders bolsa demokratlaryň ýeňiji kandidaty boldy. Ses berişlik ýapylandan soňky irki netijelere görä, Tramp sesleriň 34 prosentini alyp, respublikanlaryň prezidentlige kandidatlarynyň öňdeligini berkitdi.

Ol musulmanlaryň Birleşen Ştatlara girmegini wagtlaýyn gadagan etmek pikiri bilen, saýlawçylarda gahar-gazap döretdi.

Sanders bolsa prezidentlige demokratik kandidaty saýlaýjylaryň 58 prosentiniň sesini almagy başardy.

Ol öz partiýasynyň uly banklara daýanmagyny sorag astyna aldy we ýokary okuw jaýlaryndaky okuwy mugt etmegi öňe sürdi.

Birleşen Ştatlaryň ozalky döwlet sekretary Hillari Klinton 40 prosent ses alyp, özüniň utulandygyny boýun aldy.

XS
SM
MD
LG