Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Helmanda goşun iberýär


 Helmand welaýaty

Helmand welaýaty

Birleşen Ştatlar Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatyna goşmaça ýüzlerçe esger iberýär.

«Talyban» bu welaýatyň ençeme etrabyny basyp almak howpuny salýar. Birleşen Ştatlaryň goşun sözçüsi, polkownik Maýkl Lohorn (Michaýel Lawhorn) 9-njy fewralda beýanat çap edip, täze güýçleriň howpsuzlygy üpjün etjekdigini we owgan goşunynyň 215-nji korpusyna geňeş-maslahat berjekdigini aýtdy.

Aýdylmagyna görä, goşmaça güýçleriň iberilmegi ozaldan planlaşdyrylan we olar Helmandda öňden işläp ýören geňeşçileri goramak, owgan goşunlarynyň täzeden enjamlaşdyrylmagyna kömek bermek bilen meşgullanar.

XS
SM
MD
LG