Sepleriň elýeterliligi

Burny kesilen gelin burnuny bejerder


 Reza Gul

Reza Gul

Adamsy tarapyndan burny kesilen owgan gelni Türkiýede bejeriş operasiýasyny etdirer. Ankaranyň Mimine hassahanasynyň doktorlary Reza Guluň burnuny bejermek üçin dört hepde çemesi wagtyň, birnäçe operasiýanyň gerek boljagyny aýdýarlar.

20 ýaşyndaky Reza Gul adamsynyň, öýden birugsat çykdyň diýip, burnuny kesendigini we çölde taşlap gaýdandygyny aýdýar.

Bu waka giň ýazgaryş döretdi we Owganystanda giň ýaýran içerki zorluga ünsi çekdi.

Reza Gul 5-nji fewralda hassahana düşeginde ýatan ýerinde gürläp, žurnalistlere özüniň ýetginjek ýaşynda zor bilen durmuşa çykarylandygyny hem-de alty ýyllap içerki zorluga sezewar edilendigini aýtdy.

Owgan häkimiýetleri bu wakanyň 17-nji ýanwarda, demirgazyk Farýap welaýatynda, «Talybanyň» kontrolundaky etrapda bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG