Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Washingtona duýduryş berýär


Marşal adalary, kämilleşdirilen amerikan raketa gorag sistemasy
Marşal adalary, kämilleşdirilen amerikan raketa gorag sistemasy

Moskwa Günorta Koreýada kämilleşdirilen amerikan raketa gorag sistemasynyň ýerleşdirilmegi sebitde «ýaraglanyşygyň haýdadylmagyna» iterer diýip, Birleşen Ştatlara duýduryş berdi.

Şeýle-de Moskwa bu ýagdaýyň Koreýa ýarymadasynda «ýadro problemasyny gutarnykly çözmegi kynlaşdyrjakdygyny» aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň 10-njy fewraldaky beýanatynda aýdylmagyna görä, Waşington Phenýanyň ýadro we raketa synaglaryny öz gorag sistemalaryny giňeltmek üçin bahana edinip ulanýar.

Birleşen Ştatlaryň kämilleşdirilen raketa gorag sistemasynyň Günorta Koreýada ýerleşdirilmegine Hytaý hem garşy çykýar, ýagny munuň regional howpsuzlygy gowşatjakdygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG