Sepleriň elýeterliligi

Habar berlişine görä, Özbegistanyň Fergana welaýatynyň Sohs ertabynda Orsýetde işläp, yzyna dolanyp gelen ondan gowrak adam tussaglykda saklanýar.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen habarlaşan , emma adyny aýtmakdan saklanan Russiýada zähmet migranty bolup ýören bir özbek raýatynyň aýtmagyna görä, golaýda Russiýadan öýüne dolanan Fergana welaýatynyň Sohs etrabynyň alty sany ýaşaýjysy edil häzir tussaglykda saklanýar.

”Ol oglanlar bir ýarym ýyl töweregi Kazan şäherinde zähmet migranty bolup işlediler we soň yzyna watanyna dolandylar. Olaryň aglaba köpüsi 1990-njy we 1991-nji ýyllarda doglan. Bir aý mundan owal, hiç hili duýduryş ýa-da düşündiriş bermän, olary 15 günlük basdylar. Olardan üç sanysy Kalaç obasynyň ýaşaýjysy. Galan üç sanysy bolsa Tul obasyndan. Olardan biri meniň gaty gowy tanşym. Eýýäm bir aýdan bäri olar tussaglykda saklanýarlar. Bir hepde mundan owal eşidişime görä Tul obasyndan ýene ýedi sany adamy basylypdyr. Ýöne men bu maglumatyň näderejede dogrudygyny bilemok” diýip, häzir Orsýetde zähmet migranty bolup işläp ýören Sohs etrabynyň bir ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, Özbegistanyň Içeri işler ministrligi häzir tussaglykdaky ol oglanlary dini pikir-ygtykatlary we dine nähili çemeleşýändikleri babatda soraga çekýär.

“Watana dolanmakdan howatyrlanýarlar”

Agzalan zähmet migranty öz gürrüňdeşliginde ýene şeýle maglumat berýär: “Men bu barada bir tanşymyň maşgalasyndan eşitdim. Russiýa gaýtadan işlemäge gaýdanlardanam ynha şeýle soraglar sorapdyrlar: "Russiýada nirede işlediň? Ol ýerde kim bilen ýaşadyň? Biri bilen bile namaz okadyňmy? Näme üçin sakgal goýberdiň? Namazy nähili edip okaýarsyň?". Ol oglanlaryň tussag edilmeginiň takyk sebäbini bilemok. Men bulary başga adamlardan eşitdim”.

Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda Russiýada işleýän Sohs etrabynyň ýaşaýjylary öz watanyna dolanmakdan howatyrlanýarlar.

Özbegistanly zähmet migranty ”Olary geçen aý 15 günlük basypdyrlar. Ýöne wagt geçse-de olary goýberenoklar. Biz gaty gorkýarys. Sebäbi Özbegistanda köpçülikleýin tussag edişlikler başlady. Biz ol ýerde işlemäge gidýänler barasynda näme sorandyklaryny öwrendik. Golaýda alan maglumatymyza görä, watana dolanyp gelenleriň pasportyny elinden alypdyrlar we soňam basypdyrlar. Ondan daşgary gelip gowşan maglumatlara görä, zähmet migrantlaryň ýanýoldaşlaryny hem soraga çekipdirler. Biz siziň redaksiýaňyzdan bu aýdylýan gürrüňleriň dogrulygyny anyklamaga kömek etmegini isleýäris” diýip, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren gürrüňinde aýdýar.

“Üns gaty güýçlendirildi”

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň habarçysy geçirilen bu söhbetdeşlikden soň Fergana welaýatynyň içeri işler edarasy we we Sohd etrabynyň içeri işler bölümi bilen habarlaşypdyr. Ýöne Orsýetden dolanyp gelen zähmet migrantlarynyň tussag edilmegi barasynda takyk maglumat almak başartmandyr.

Şol bir wagtyň özünde, Russiýadaky zähmet migrantynyň aýdanlarynyň belli bir bölegini Fergana welaýatynyň Sohs etrabynyň özbek aktiwistleri hem tassyklaýarlar.

Tul obasynda ýaşaýan aktiwistlerden biri, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň habarçysy bilen mikrofonsyz geçiren gürrüňdeşliginde Russiýadan dolanyp gelýän zähmet migrantlara garşy etrapda "ünsüň" gaty güýçlendirilendigini aýdypdyr. Onuň aýtmagyna görä, yzyna dolanan zähmet migrantlaryny ilki howpsuzlyk gullugynyň işgärleri soraga çekip, soňra öýe goýberýärler.

“Hawa, olary soraga çekendiklerini eşitdim. Ýöne dogrusyny aýtsam, ondan gowrak adamyň tussag edilendigini eşitmedim” diýip, öz pikrini beýän eden bir ýaşuly soňra bu temadan geplemek islemeýändigini bildiripdir.

Häkimiýetler dymýar

Sohs etrabynyň merkezinde ýaşaýan başga bir özbek aktiwisti bolsa, ýaş oglanlaryň tussag edilendigi barasynda eşidendigini aýdyp, olaryň arasynda diňe bir Kalaça we Tul obalarynyň däl, eýse Gaznow obasynyň hem ýaşaýjylarynyň bardygyny mälim edipdir. Şol bir wagtyň özünde-de ol tussaglaryň sany barasynda hiç hili maglumat bilmeýändigini belläpdir.

Sohs etrabyndan bolan ol çeşme Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna şeýle diýýär: ”Meniň eşidişime görä tussag edilenleriň sany 20 adama golaý. Aýdylyşyna görä, olary radikallyk, ýagny ekstremizmde aýyplapdyrlar we tussaglaryň hemmesi Ferganaly bolmaly. Şu gün men tussag edilenleriň biriniň kakasy bilen gepleşdim. Duşenbe güni ony Fergana çagyrypdyrlar. Kakasy ogluny tiz wagtda goýbererler diýip umyt edýär. Tussag edilenleriň "YD" bilen arabaglanşygynyň bardygy hakda gürrüňlerem aýdylýar. Hut şonuň üçinem tussaglaryň hossarlary uly gaýga galypdyrlar. Ähli maglumatlar gaty gizlin saklanýar. Tussag edilenleriň hossarlary hem gürlemäge gorkýarlar”.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy resmi bolmadyk çeşmeleriň tassyklan Ferganadaky tussag edişlik barasynda takyk maglumatlar tapmaga synanyşýar. Häkimiýetler bolsa henizem bu barasynda dymmagy dowam edýärler.

Russiýadan watanyna dolanýan özbek zähmet migrantlarynyň soraga çekilýändigi we tussag edilýändigi barasyndaky gürrüňler soňky wagtlarda hasam ýaýbaňlanýar.

Meselem, adam hukuklaryny goraýanlaryň habar bermegine görä, 2015-nji ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda paýtagt Daşkentde we Daşkent welaýatynda "YD" bilen aragatnaşykda aýyplanýan Russiýadan yzyna dolanan 200-den gowrak zähmet migranty tussag edilipdir.

Şonuň ýaly-da Özbegistanda Fergana, Horezm we Namangan welaýatlarynda onlarça raýatyň tussag edilendigi barasynda hem maglumatlar bar.

Özbegistanyň Içeri işler ministrligi adam hukuklaryny goraýanlaryň ýaýradan maglumatlarynyň belli bir bölegini tassyklanam bolsa, tussaglaryň sany babatda anyk bir zat aýtmakdan saklanýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG