Sepleriň elýeterliligi

"Berk ýapyş arzuwyňdan, islegden"


 Langston Hughes

Langston Hughes

Birleşen Ştatlarda her ýylyň fewralynyň birinji ýarymynda Garaýagyzlaryň taryh aýy ýa-da Afrikaly amerikanlaryň taryh aýy bellenilýär, Kanada bilen Angliýada bolsa bu çäre oktýabr aýynda geçirilýär.

Bu çäräniň bellenilýän günlerinde Afrikan diasporasynyň görnükli şahsyýetleri we möhüm wakalary ýatlanylýar.

Afrikan-amerikanlaryň taryh aýy aslynda 1926-njy ýyldan uç alýar, ýagny soň Kanadada we Angliýada hem däp bolan çäräniň düýbi taryhçy Karter G.Wudson (Carter G. Woodson) hem-de Garaýagyzlaryň durmuşyny we taryhyny öwrenýän assosiasiýa Birleşen Ştatlarda her ýylyň fewralynyň ikinji hepdesini «Garalaryň taryhy hepdesi» diýip yglan edeninde tutulýar.

Garaýagyzlaryň taryh aýyny bellemek üçin fewralyň ikinji hepdesiniň saýlanyp alynmagy Abraham Linkolnyň (12-nji fewral) we Fredrik Doglasyň (14-nji fewral) doglan günleri bilen gabat gelýär. Garaýagyzlar jemgyýetçiligi bu iki şahsyýetiň doglan günlerini 19-njy asyryň aýagyndan bäri bilelikde belläp gelýärdi.

Azatlyk radiosy Garaýagyzlaryň taryh aýynyň bellenilýän günlerinde tanymal afrikan-amerikan şahyry we ýazyjysy Langston Hughesiň (1-nji fewral, 1902 - 22-nji maý, 1967) «Arzuwlar» goşgusynyň iňlisçeden terjimesini okyjylaryna hödürlemegi makul bildi.

Arzuwlar

Berk ýapyş arzuwyňdan, islegden,
sebäp isleg-arzuw ýogalsa, ölse,
durmuş guşdur ganatlary gyrylan,
galkyp bilmez ýerden uçasy gelse.

Berk ýapyş arzuwyňdan, islegden,
çünki olar gitse, yza garamaz;
Durmuş boz meýdandyr arzuw-islegsiz,
doňup ýatan gar astynda eremez.

XS
SM
MD
LG