Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Ukrainada ýüzlerçe mekdep ýumruldy


Uruş zerarly ýumrulan mekdep, Swatowe, Luhansk regiony, oktýabr, 2015
Uruş zerarly ýumrulan mekdep, Swatowe, Luhansk regiony, oktýabr, 2015

Gündogar Ukrainada uruşda ýüzlerçe mekdep ýumruldy, diýip “Human Rights Watch” (HRW) guramasy öňe süren bu sanyna konflikte gatnaşýan taraplaryň öz harby maksatlary üçin ulanan mekdepleriniň hem girýändigini 11-nji fewralda çap eden hasabatynda belleýär.

Uruşdan soň abat galan mekdepler käte howpy şertlerde, käte hyryn-dykyn ýagdaýda ulanylýar, şol bir wagtda-da çagalaryň ençemesi mekdebe düýpden gatnamazlyga mejbur boldy, diýlip hasabatda bellenýär.

HRW konfliktäki taraplary, ýagny hökümet güýçlerini we orsýetçi gozgalaňçylary çagalaryň howpsuzlygyny goramaga, olaryň bilim elýeterliligini üpjün etmäge we mekdepleriň harby maksatlar üçin ulanylmagynyň öňüni almaga çagyrdy.

HRW guramasy 42 mekdebe sapar edip, mekdep okuwçylary, mugallymlar we şaýatlar bilen geçiren söhbetdeşlikleriniň netijesinde mekdeplere hem hökümetiň gözegçiligindäki, hem-de separatistleriň gözegçiligindäki giňişliklerde hüjüm edilendigini hasaba alypdyr.

XS
SM
MD
LG