Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Siriýada bir hepdede 1900 zarba urdy


Orsýetiň howa güýçleriniň amala aşyran howa zarbalarynyň netijesi, Turmanin, Siriýanyň Türkiýe bilen serhediniň golaýynda, 25-nji ýanwar, 2016

Orsýetiň howa güýçleriniň amala aşyran howa zarbalarynyň netijesi, Turmanin, Siriýanyň Türkiýe bilen serhediniň golaýynda, 25-nji ýanwar, 2016

Orsýet Siriýada geçen hepdede amala aşyran howa zarbalarynyň 1900 nyşana zarba urandygyny aýtdy.

Goranmak ministrliginiň 11-nji fewralda aýtmagyna görä, howadan edilen zarbalar Aleppo, Latakia, Hama, Deir ez-Zor, Daraa, Homs, Hasakah we Rakkah regionlarynda nyşanlara gönükdirilipdir.

Şeýle-de, ministrlik Alepponyň ýaşaýyş böleklerine edilen hüjümler baradaky aýyplamalary ret etdi we Siriýanyň demirgazygyndaky şäherde iki keselhananyň ýumrulmagynyň jogapkärçiliginden ýüz öwürdi.

Orsýet harbylarynyň bu maglumaty Siriýanyň hökümet güýçleriniň Orsýetiň howa zarbalaryna daýanyp, Aleppo şäheriniň gozgalaňçylaryň elindäki böleklerini gaýdyp almaga çalyşýan wagtynda peýda boldy.

Halkara gyzyl haç guramasy söweşleriň güýçlenmeginiň tutuş welaýatda 50 müň adamyň göçmegine sebäp bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG