Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Polisiýa işgäri dört kärdeşini öldürdi


Owgan polisiýasy, Kabul

Owganystanyň polisiýasy Kandagar welaýatynda polisiýa wekiliniň öz kärdeşlerini oka tutmagynyň netijesinde dört polisiýa ofiseriniň öldürilendigini we ýedisiniň ýaralanandygyny aýtdy.

Welaýat polisiýasynyň metbugat-wekili Zia Durrani ok atyşygyň 10-njy fewralda Zhari etrabyndaky barlag-geçiş nokadynda bolandygyny aýtdy. Şeýle-de ol öz kärdeşlerine dönüklik eden polisiýa işgäriniň atylyp öldürilendigini habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” guramasy öz üstüne aldy. Mundan ozal 26-njy ýanwarda Uruzgan welaýatynda dönük polisiýa işgäri neşäniň täsiri astynda özüniň 10 kärdeşini atyp öldüripdi.

XS
SM
MD
LG