Sepleriň elýeterliligi

Nigeriýa: Bosgunlar lagerinde 58 adam öldürildi


'Boko haram' toparynyň bosgunlar lagerine eden hüjüminiň netijesi, Maiduguri, Borno ştaty, 4-nji fewral, 2016

'Boko haram' toparynyň bosgunlar lagerine eden hüjüminiň netijesi, Maiduguri, Borno ştaty, 4-nji fewral, 2016

Nigeriýanyň bosgunlar lagerinde 10-njy fewralda janyndan geçen iki zenan hüjümçi özlerini partladyp, azyndan 58 adamyň ölümine sebäp boldular.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet agentliginiň maglumatyna görä, üçünji zenan lagerde öz ene-atasynyň we doganlarynyň ýerleşýändigine göz ýetirensoň bombany partlatmakdan el çekipdir. Bu zenan häkimiýetler tarapyndan tussag edilip, beýleki planlaşdyrylýan hüjümler barada habar beripdir we lageriň howpsuzlygyny üpjün etmäge kömek edipdir.

Yslamçy “Boko haram” toparynyň basyşlaryndan gaçyp, öz öýlerini terk eden 50 müň çemesi adamlyk lagerde bolan goşa partlama zerarly ýaralanan 78 adama kömek berlendigini, resmiler habar berdiler.

10-njy fewralda Dikwa şäherinde 51 adamyň jesetleri jaýlanypdyr.

“Boko haram” toparynyň alty ýyl bäri amala aşyrýan hüjümleri zerarly 20 müňe golaý adam wepat boldy we 2.5 million adam öz öýlerini terk etdi.

XS
SM
MD
LG