Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko reforma geçirmegi wada berdi


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Kiýew, ýanwar, 2016
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Kiýew, ýanwar, 2016

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ykdysady reformalary geçirmek we hökümeti korrupsiýadan azat etmek borjuny dowam etdirjekdigini Halkara Maliýe Fonduna wada berdi.

Karz beriji guramanyň Ukraina 17.5 milliard dollar möçberde maliýe kömegini bermeginiň şübhe astyna düşendigini mälim etmeginiň yzýany Poroşenko Halkara Maliýe Fondunyň dolandyryjy müdiri Kristina Lagarde bilen telefon arkaly gepleşip, reformalaryň badyny saklamak ugrunda “ýol kartasyny” düzmek barada ylalaşdy.

“Prezident hökümeti saýlaw geçirmezden täzelemegiň zerurdygyny, sebäbi saýlawlaryň syýasy krizisi hasam çuňlaşdyrmagynyň we reformalaryň geçirmegiň şertlerini agyrlaşdyrmagynyň ähtimaldygyny nygtady” diýlip Poroşenkonyň resmi websaýtynda aýdyldy.

Öz tarapyndan Lagarde “hökümet reformalary we korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmek üçin çynlakaý tagalla etmese, HMF-nyň ýardam beriji programmasynyň dowam etmeginiň üstünlik getirjegini görüp bolmajagyny” berk duýdurdy.

Ukraina edilen bu duýduryş Ukrainanyň giň derejede goldanýan ykdysady ministri Aiwaras Abromawiçusyň wezipesinden çekilip, häkimiýet başyndaky koalisiýanyň düzüminde korrupsiýanyň giňden ýaýrandygy barada eden çykyşynyň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG