Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Mekdebe hüjüm - uruş jenaýaty


Swatowe şäherinde weýran edilen mekdep, Luhansk regiony, 30-njy oktýabr, 2015 ý.
Swatowe şäherinde weýran edilen mekdep, Luhansk regiony, 30-njy oktýabr, 2015 ý.

Gündogar Ukrainadaky uruş mahalynda ýüzlerçe mekdep weýran edildi, şol sanda olary konfliktiň iki tarapyndakylar hem harby maksatlar üçin ulandy diýip, “Human Rights Watch" guramasynyň 11-nji fewralda çap eden hasabatynda aýdylýar.

Uruşdan abat galan mekdepler hem howply şertlerde işleýär we olardaky okuwçy sany köplenç aşa köp. Netijede, bu ýagdaý köp çaganyň mekdebe gatnamasyny düýpden goýmagyna sebäp bolýar diýip, “Atyşyk astyndaky okuw: Gündogar Ukrainadaky ýaragly konflikt mahalynda mekdeplere edilen hüjüm, mekdepleriň harby maksatlar üçin ulanylmagy» diýlip atlandyrylan hasabatda aýdylýar.

Hasabatda konflikt taraplarynyň, hökümet güýçleri bilen Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň çagalaryň howpsuzlygyny goramak, bilim elýeterligini üpjün etmek we mekdepleriň harby maksatlar üçin ulanylmagynyň öňüni almak üçin çäre görmeklerine çagyrylýar.

“Konfliktdäki taraplaryň ählisi çagalary goramaga jogapkär, olar özara duşmançylyklary çagalaryň howpsuzlygyna we bilim almagyna zyýan ýetirmez ýaly etmeli» diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän HRW-nyň hasabatynda aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýan guramanyň wekilleriniň hökümet kontrollugyndaky we separatist golundaky ýerlerde ýerleşýän 41 mekdebe, çagalar bagyna baryp, 62 okuwçy, mugallymlar, mekdep ýolbaşçylary we şaýatlar bilen geçiren söhbetdeşlikleri mahalynda mekdeplere edilen hüjümler ýeke-eke dokumentleşdirilipdir.

HRW guramasynyň ukrain barlagçysy Ýulia Gorbunowa iki tarapyň hem mekdepleri harby işjeňlikler üçin ulanandygyny, mekdepleriň içinde we golaýynda ýaragly adamlaryň we ýaraglaryň saklanandygyny aýdýar:

"Mekdepleriň harby maksatlar üçin ulanylmagy olaryň kanuny ýagdaýda harby nyşana öwrülmegine getirdi we hüjüm edilmek hem weýran bolmak ähtimallygyny ýokarlandyrdy» diýip, Gorbunowa Azatlyk radiosyna aýtdy.

2014-nji ýylyň aprelinde uruş turaly bäri asuda ilatdan we söweşijilerden 9 müňden gowrak adam öldürildi. 2015-nji ýylyň sentýabrynda güýje giren ýaraşykdan soň söweşler görnetin kiparlady, emma atyşygy bes etmek düzgünleri ýygy-ýygydan bozuldy we konflikti çözmek boýunça baglaşylan ylalaşyk umuman durmuşa geçirilmän galdy.

Hasabatda 2015-nji ýylyň iýunynda pitneçileriň eýeleýän ýerinden edilen artilleriýa, top hüjümleriniň Krasnohoriwka şäherindäki 3-nji mekdebe ýetiren uly zyýany suratlandyrylýar. Bu mekdep hökümet kontrollugyndaky Donetsk sebitinde, ukrain harby barlag nokadyndan 700 metr çemesi daşlykda ýerleşýär.

"Hawa, ol ýerde örän agyr top hüjümi boldy we mekdep, ençeme gezek, gaýta-gaýta uruldy, harby barlag nokatlary bolsa, hatda bir gezegem urulmady. Onsoň bu ýa nyşana almak ukybynyň gaty ýaramazdygyny, ýa-da mekdebiň bilkastdan nyşana alnandygyny görkezýär» diýip, Gorbunowa Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Hasabatda munuň ýaly guramalaryň nyşana alynmagynyň uruş kanunçylygynda gadagan edilýändigi we uruş jenaýaty hökmünde derňeljekdigi duýdurylýar.
Şeýle-de hasabatda ukrain harbylarynyň mekdepleri eýeläp, köplenç mekdep mebellerini, şol sanda klas gapylaryny, oturgyçlary, tagtalary döwendikleri ýa otlandyklary aýdylýar.

Mundanam başga, goşunlar birnäçe ýerde agyr toplary we ulanylmadyk oklary galdyryp gidipdir.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Ukrainanyň Bilim we ylym ministrligi HRW bilen duşuşyk mahalynda hökümet goşunlarynyň mekdepleri hakykatdanam harby maksatlar üçin ulanandyklaryny boýun alypdyr.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG