Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: 13 müňe golaý dindar ‘tussag bar’


Tussaghana.
Tussaghana.

Özbegistanyň adam hukuklaryny goraýan bitarap inisiatiwa toparynyň ýurtdaky adam hukuklarynyň 2015-nji ýyldaky ýagdaýy barasyndaky hasabatyna görä, Özbegistanyň tussaghanalarynda 12 müň 800 sany din sebäpli tussag edilen bendiler bar.

Guramanyň ýolbaşçysy Surat Ikramow Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren gürrüňinde olaryň 2002-nji ýyldan bäri tussag edilen dindarlardan ybaratdygyny aýdýar.

Surat Ikramow bu hakda şeýle gürrüň berýär: ”Bize mälim bolşuna görä, diňe geçen ýyl Özbegistanda 300-e golaý adam azatlykdan mahrum edildi. Ýurtda syýasy we dini sebäpden tussag edilýänleriň sany ýyl-ýyldan barha artýar”.

Özbegistanyň adam hukuklaryny goraýan bitarap inisiatiwa topary öz hasabatyny tussaglaryň hossarlary bilen geçirilen gürrüňdeşlikler hem hukuk goraýjy organlardan gelen maglumatlar esasynda taýýarlaýar.

Syýasy tussaglar

Surat Ikramow şeýle diýýär: “Tussaghanalarda dine uýýanlygy sebäpli ýatan bendileriň sanynyň hasam köp bolmagy ahmal. Ýöne biz bu sanyň biziň hasabatymyzda görkezilen sandan az däldigini bilýäris”.

Guramanyň hasabatyna görä, Özbegistanda syýasy tussaglaryň sany 24 müňden gowrakdyr.

Ikramowyň aýtmagyna görä, Özbegistanyň tussaghanalarynda ol bendiler gynamalara duçar edilýärler. Bendileriň tussaglyk möhleti dolanda, hamana "Türmäniň içerki tertip-düzgünini bozdy" diýen ýaly toslama bahanalar bilen olaryň tussaglygy uzaldylýar.

Bu hakda Ikramow: ”Hakykat ýüzünde din sebäpli tussag edilenler her ýyl ýurtda esasy kanunyň kabul edilen gününe bagyşlanyp Ýokarky mejlisiň çykarýan günä geçişligine degişli edilmeýärler” diýýär.

Işsizlik we repressiýa

Özbegistanda din sebäpli tussag edilýänleriň aglaba köpçüliginiň dini radikal toparlara agza bolmakda aýyplanýandyklary habar berilýär. Olaryň arasynda "Hizb-ut-Tahrir" we "Nurjular" ýaly dini toparlar bilen gatnaşykda bolanlar hem bardygy aýdylýar.

Geçen ýyl Özbegistanda ýüzlerçe adam "YD" toparyna agza bolmakda aýyplanyp, azatlykdan mahrum edilipdir.

Surat Ikramow bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Olaryň aglaba köpçüligi Russiýa, Türkiýe, Ýewropa ýurtlary we ABŞ ýaly daşary ýurtlarda eklenç üçin işläp, öz öýüne dolanyp gelen migrant işçiler. Şeýle bendileriň ykbaly nämälim bolup galýar. Olaryň hossarlarynyň bolsa aklawçy tutulyp, wakanyň adam hukuklaryny goraýanlardyr žurnalistlere ýetirilmegini islemeýän Milli howpsuzlyk gullugy we Içeri işler ministrliginiň işgärleri tarapyndan gözleriniň osy alnan”.

Synçylaryň aýtmagyna görä, Özbegistandaky köpçülikleýin işsizlik we repressiýa adamlary ýurtdan gaçmaga, şonuň ýaly-da Yrak bilen Siriýada "YD" toparynyň hataryna goşulmaga iterýär.

XS
SM
MD
LG