Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: 97 söweşiji tussag edildi 


Pakistanyň howpsuzlyk ofiserleri, ýanwar, 2016

Pakistanyň howpsuzlyk ofiserleri, ýanwar, 2016

Pakistan üç sany gadagan edilen toparyň jemi 97 agzasyny Karaçi portunda tussag edendigini aýtdy.

Goşunyň metbugat-wekili general-leýtenant Asim Bajwanyň 12-nji fewralda aýtmagyna görä, söweşijiler geçen aýyň dowamynda tussag edilipdir.

Bajwa söweşijileriň “Lashkar-e-Jhangwi”, “Tehreek-e-Taliban Pakistani” we “Al-Kaýda” toparlaryna degişli bolandygyny aýtdy we guramaçylyk we planlaşdyryş işlerine ýolbaşçylyk eden adamyň Pakistanyň howa bazalarynda, esasy aeroportunda bolan ençeme hüjüme gatnaşandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG