Sepleriň elýeterliligi

Siriýada ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyldy


Çepden saga: Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow, ABŞ-nyň döwlet sekretary J.Kerri we BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura, Munhen, 12-nji fewral, 2016

Çepden saga: Orsýetiň daşary işler ministri S.Lawrow, ABŞ-nyň döwlet sekretary J.Kerri we BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura, Munhen, 12-nji fewral, 2016

Esasy güýçler Siriýada harby hereketleriň soňuna çykmak we konfliktden ejir çekýän adamlara ynsanperwer kömegini bermek barada ylalaşdylar, diýip 12-nji fewralda Munhende baş diplomatlar mälim etdiler.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Orsýetiň we Siriýa ýardam beriji toparyň düzümindäki ondan gowrak beýleki ýurduň wekilleri bilen duşuşygyndan soň žurnalistlere aýtmagyna görä, söweşleriň milli derejede soňuna çykmagyny bir hepdäniň dowamynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Kerri ähli tarapyň uzak möhletli ýaraşygy ýola goýmak boýunça gepleşikleri mümkin boldugyndan tiz wagtda Ženewada geçirmek barada ylalaşandygyny aýtdy.

“Maksat berk we uzak möhletli ýaraşygy gazanmakdan ybarat”, diýip Kerri emma muňa diňe “hakyky gepleşikleriň” netijesinde gelip boljakdygyny belledi. Şeýle-de Kerri ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň “Yslam döwleti”, “Al Kaýdanyň” Siriýadaky ýarany “Al-Nusra Fronty” we beýleki ekstremist toparlar babatynda ulanylmajagyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG