Sepleriň elýeterliligi

Biden Poroşenkony reforma çagyrdy


ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden (ç) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s), Dawos, 20-nji ýanwar, 2016

ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden (ç) we Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s), Dawos, 20-nji ýanwar, 2016

ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkony gysga wagtda hökümeti dikeltmäge we Günbataryň garaşýan reformalary amala aşyrmaga çagyrdy.

Ak Tamyň 11-nji fewralda aýtmagyna görä, iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly geçirilen gepleşiklerde giň derejede goldanýan ykdysadyýet ministri Aiwaras Abromawiçiusyň hökümetdäki korrupsiýany tankyt edip, wezipesinden çekilmegi bilen bagly syýasy krizis boýunça tiz çäre görmek meselesi maslahat edilipdir.

Bu gepleşikden bir gün öň Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkony Halkara Maliýe Fondunyň dolandyryjy ýolbaşçysy Kristine Lagarde bilen gepleşik geçirip, ykdysady reformalary geçirmek we korrupsiýa garşy göreşmek borjuny ýerine ýetirmekçidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG