Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan ermeni harbylary ýitgi çekdi diýýär


Ermenistanyň harbylary türgenleşik geçirýärler, Daglyk-Garabag, 20-nji noýabr, 2015

Ermenistanyň harbylary türgenleşik geçirýärler, Daglyk-Garabag, 20-nji noýabr, 2015

Baku Daglyk-Garabag regionynyň golaýynda azyndan bäş sany ermeni esgeriniň Azerbaýjanyň güýçleri bilen çaknyşyklarda öldürlendigini aýtdy.

Goranmak ministrliginiň 12-nji fewralda habar bermegine görä, bu waka gije bolupdyr.

Daglyk-Garabag regionynyň resmileri bu maglumaty resi taýdan ret edýärler we Azerbaýjanyň snaýper-mergenleriniň 11-12-nji fewralda çopany atyp öldürendigini we bölünen regionyň pozisiýalaryny granata we mina atyjy ýaraglardan oka tutandygyny aýdýarlar.

Azerbaýjan öz güýçleriniň parahat ýaşaýjylary öldürendigi baradaky habarlardan ýüz öwürdi.

Baku we Ýerewan Azerbaýjandan bölünen Daglyk-Garabag regionynyň üstünde 20 ýyla golaý wagt bäri konfliktli ýagdaýda galýarlar.

Regionda 1990-njy ýyllarda bolan uruşda Ermenistan tarapyndan goldanan separatistler esasan ermeni ilatly regiony öz gözegçiligine geçirdiler. Uruşda 30 müň çemesi adam wepat bolupdy.

XS
SM
MD
LG