Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlinde Halkara film festiwaly açyldy


66-njy film festiwalynyň geçýän köşgi, Berlin, 11-nji fewral, 2016
66-njy film festiwalynyň geçýän köşgi, Berlin, 11-nji fewral, 2016

Germaniýanyň paýtagtynda Berliniň 66-njy film festiwaly açyldy.

Ýewropada esasy halkara film dabaralarynyň biri bolan Berlinale 11-nji fewralda doganlar Koenleriň “Ýaşasyn sezar!” atly kartinasy bilen açyldy.

Festiwalyň esasy baýraklaryny altyn we kümüş aýylary almaga 18 sany film dalaş edýär. Bosniýaly režissýor Danis Tanowiçiň “Saraýewodaky ölüm” atly kartinasy hem olaryň hataryna girýär.

Bäsdeşlige gatnaşýan ýene bir film eýranly ýazyjy we režissýor Mani Haghighiniň “Aždarha gelýär!” atly kartinasy.

Festiwalyň müdiri Dieter Kosslik 11 günläp dowam edýän bu sungat çäresine gatnaşýan filmleriň ençemesiniň “bagtyň gözlegi” we “dünýäde göçme-göçüşiň dürli görnüşleri” baradadygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG