Sepleriň elýeterliligi

“Döwlet islese işsizligi çözüp bilermi?!”


Turkmenistan. Turkmen woman selling corn. National clothes. Ashgabat. June 26, 2014

Turkmenistan. Turkmen woman selling corn. National clothes. Ashgabat. June 26, 2014

“Ykdysadyýet diýilen sistemany ýok etmeli. Kapitalistik taýdan ýöredilmeli. Hususy eýeçilige geçmeli, bolmasa iş ýerleri köpelmez” – bu Bäşim atly okyjymyzyň Azatlyk Radiosynyň “Iş orunlaryny nädip köpeldip bolar?” diýen sorag bilen açan forumyna ýazan pikiri.

Azatlyk Radiosy öz okyjylaryndan we diňleýjilerinden ýurtda işsizligiň giň ýaýrandygy we käbir edaralarda işe ýerleşmek üçin para-peşgeş soralýandygy barada redaksiýa ençeme teswirler, maglumat gelip gowşansoň, okyjylaryna “Türkmenistanda iş orunlaryny nädip köpeldip bolar diýip pikir edýärsiňiz?” diýen sorag bilen ýüz tutdy.

12-nji fewralda açylan forumda gysga wagtyň dowamynda ençeme teklipler, pikirler ýazyldy. Olaryň aglabasynda ýurtda näme edilende iş orunlaryny köpeldip boljakdygy, emma munuň üçin hökümetiň bu işi bitirmäge islegli bolmalydygy beýan edilýär.

Iş orunlaryny köpeltmegiň ýollary

Umyda atly okyjymyz Türkmenistanda köp mukdarda pagta öndürilýändigini ýatladyp, öndürilýän şol pagtanyň ýurduň öz içinde gaýtadan işlenmelidigini aýdýar. Ine, onuň bu baradaky anyk teklibi: “Pagtany daşary ýurtlara 3 teňňä satandan, zawod-fabrik gursa, öz ýaşaýjylaryna-da iş ýerleri dörär. [Harydy] gymmada satar”.

Özüni “Aron” diýip tanyşdyran okyjymyz bolsa, “iş orunlaryny köpeltmegiň ýoly belli” diýip, muny “obadyr-etraplarda hususy gurluşyk we asfalt kärhanalaryny açmak” arkaly artdyryp boljakdygyny aýdýar. Ol: “Her etrapda 10 sany hususy gurluşyk kärhana, bir sanam asfalt kärhana açsaň, diňe şulaň hasabyna 1000 sany iş ýerini döredip bolýar” diýýär.

“Aron” öz sözüni dowam etdirip, ýene şeýle diýýär: “Diňe ak şäherim Aşgabat, paýtagt esasy şäher diýen syýasaty ýöretsek, onda biz tiz wagtda obalylarda göwnüçökgünlik, paýtagtlylarda bolsa ulumsylyk alamatlaryny göreris”.

“Ähli zady halka paýlamaly”

Forumda teswir galdyran okyjylarymyzyň arasynda hökümetiň ähli zady halka paýlamalydygyny öňe sürenler hem bar. Şeýle okyjylarymyzyň biri Bahadyrdyr. Ol “mellek ýerleriniň, fabrikleriň ählisini halka paýlamaly. Önümçiligi halk amala aşyrmaly, şonda [iş ýerleri] köpeler. Ýewropa, Amerika ýurtlarynda bolşy ýaly döwlet halkyň bir işe, [biznese we ş.m.] başlamagy üçin maddy taýdan ýardam bermeli” diýýär.

Maýa bolsa: “Hiç zat etmesin, diňe adamlara rugsat bersin. Halkyň özi işem tapar, işem eder” diýip, öz pikir-garaýşyny gysgajyk beýan edýär.

“Hökümet islese...”

Adyny galdyrman teswir ýazan okyjylarymyzyň biri bolsa, “hökümet işsizligi çözeýin diýse, dessine çözüp bilýär” diýýär. Emma ol “muny [hökümet] islemeýän bolaýmasa. Munuň arkasynda her hili sebäp bolup biler. Ilaty garyp saklasam, has köp diýenimi eder diýýän bolmagam mümkin” diýip ýazýar.

“Sabyrly boluň”

Özüni tanatman teswir ýazan okyjylarymyzyň ýene biri hem: “Döwlet, islese, iş orunlaryny köpeldip bilýär. Ýöne döwletde şol isleg barmyka?” diýen sowaly orta atýar.

Şol bir wagtda okyjylarymyzyň arasynda “sabyrly bolsaň, hemme zadyň düzeljekdigini” ýazanlar hem bar. Adyny aýtmazdan teswir galdyran okyjylarymyzdan biri “Sabyrly boluň, hemme zadam birden bolmaýar” diýip, adamlary sabyrly bolmaga çagyrýar.

Ýeri gelende bellesek, bu pikirler biziň okyjylarymyzyň öz pikirleri we olar hiç bir görnüşde Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG