Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Merkeli tankytlaýar


Dmitriý Medwedew

Dmitriý Medwedew

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew german kansleri Angela Merkeliň bosgunlar babatdaky syýasatyny berk tankyt edip, onuň hem Orsýete, hem Ýewropa Bileleşigine zyýan ýetirýändigini aýtdy.

"Ýewropanyň gapysyny giňden açyp, öz ýurduňa gelmek isleýän her bir adamy çagyrmak barypýatan akmaklyk» diýip, Medwedew Germaniýanyň «Handelsblatt» gazetiniň hepde ahyryndaky sanynda çap edilen söhbetdeşlikde aýdýar.

Medwedew bu syýasat ahyrynda pasportsyz syýahat edip bolýan Şengen zonasyny bozar diýdi we onuň «tutuşlygyna şowsuzlyk» bolup durýandygyny aýtdy.

"Olar muny birnäçe ýyl öňünden görüp bilmedilermi?» diýip, Medwedew Ýakyn Gündogardan gelen müňlerçe bosgunyň terrorçylyk bilen bagly aladalary hem artdyrýandygyny, sebäbi olaryň içinde Ýewropa «ýaman niýet bilen gelen ýüzlerçe, belki müňlerçe kellekeseriň hem bolmagynyň ahmaldygyny» öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG